Türkmenistan welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär

  • 29.03.2022 08:31
  • 11k+

28-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň kabul edilmegine hem-de Türkmenistanyň 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlanylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň we beýlekileriň çykyşlary diňlenildi.

Öz çykyşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow golaýda ýurdumyzda geçirilen derwaýys syýasy wakalaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň içerki ösüşi nukdaýnazaryndan, edil şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň halkara işleriniň ilerledilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, Türkmenistanyň 2022-nji ýylda şäher ulag ulgamynyň durnuklylygynyň we ekologik aýratynlyklarynyň üpjün edilmeginde welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmäge taýýarlygyny beýan etdi. 

Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlaryndan söz açýan wideorolik hem görkezildi.


03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......