Berdimuhamedow Wengriýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

  • 12.03.2022 10:42
  • 6.6k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Katalin Nowaga Wengriýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmen Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Katalin Nowaga tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, şeýle hem Wengriýanyň halkynyň öňe gitmegine we rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýeri gelende bellesek, Katalin Nowagyň dalaşgärligine ýurduň Döwlet mejlisiniň deputatlarynyň üçden iki bölegi ses berdi we ol Wengriýanyň taryhynda prezident wezipesini eýeleýän ilkinji aýal boldy.


16.06.2026 19:42
2.6k+

Wengriýanyň parlamenti premýer-ministriň ygtyýarlyklaryny iki möhlet bilen çäklendirdi

Wengriýanyň parlamenti konstitusiýa üýtgeşme girizip, premýer-ministriň iň köp iki gezek (her biri 4 ýyl) saýlanyp bilmegini kanunlaşdyrdy. Bu karar üçin 134 deputat tarapdar, 50 deputat bolsa garşy ses berdi....

11.05.2026 11:22
2.5k+

Peter Madýar Wengriýanyň täze premýer-ministri boldy

«Tisa» partiýasynyň lideri Peter Madýar täze çagyrylyşdaky Döwlet ýygnagynyň (bir palataly parlament) birinji mejlisinde Wengriýanyň premýer-ministri wezipesine saýlandy. Onuň dalaşgärligini 140 deputat......

03.05.2026 12:23
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......