Türkmenistanda käbir döwlet elektrik stansiýalary utgaşykly dolanyşyga geçiriler

  • 26.02.2022 17:48
  • 5.2k+

Häzirki wagtda ýönekeý dolanyşykda işleýän Ahal we Daşoguz döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, kuwwaty 432 megawat bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň mümkinçilikleri hem öwrenilýär.

Şular barada aýdyp, 25-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow seljerme işlerini geçirmegiň netijesinde taýýarlanylan teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Türkmen Lideri bu işde dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, möhüm taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......