Dolce & Gabbana kolleksiýalarynda sütük ulanmakdan ýüz öwürmek kararyna geldi

  • 01.02.2022 12:43
  • 7.7k+

Dolce & Gabbana moda öýi şu ýyldan başlap kolleksiýalarynda tebigy sütügi ulanmazlyk kararyna geldi. Bu barada moda öýündäki aragatnaşyk we marketing toparynyň ýolbaşçysy Fedele Uzai habar berdi. Muny TASS ýetirýär. 

“Biz haýwan sütükleriniň ulanylmagyny göz öňünde tutmaýan has durnukly geljegi döretmegiň üstünde işleýäris. Ähli moda ulgamy ösdürilmeli we höweslendirilmeli bolan sosial jogapkärçiliginde uly rol oýnaýar” – diýip, Vogue žurnalynyň italýan neşiri onuň sözlerini getirýär.

Moda öýi iş orunlaryny saklamak üçin sütük eýlemek boýunça ussatlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirip, ekosütükden egin-eşikleri we aksessuarlary öndürmegi maksat edinýär.
Mundan öň moda dünýäsiniň başga-da birnäçe wekili sütük ulanmakdan ýüz öwürdi. Olaryň arasynda Italiýanyň Prada, Giorgio Armani we Versace kompaniýalary, şeýle-de Burberry, Michael Kors, Ralph Lauren halkara markalary we britaniýaly modelýerler Wiwýen Westwud hem-de Stella Makkartni bar.

05.06.2026 13:07
3.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....