ÝUNISEF Türkmenistana täze wekil belledi

  • 05.12.2021 12:04
  • 3.8k+

4-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýazi bilen duşuşygy geçirildi. Ol Türkmenistanyň daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Gepleşikleriň dowamynda Mohammad Faýazini ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzüm bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomatlar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin ileri tutulýan ugurlaryny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 07:42
107

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....