Genesis 2021-nji ýylda dünýäniň tehnologiýa taýdan has ösen brendi boldy

  • 10.10.2021 16:02
  • 7k+

J.D.Power amerikan kompaniýasy dürli brendleriň tehnologiki aýratynlyklaryna bagyşlanan gözlegleriniň netijelerini neşir etdi. Onuň netijesinde awtomobil eýeleriniň ýarysyna golaýynyň döwrebap ulaglaryň eýe bolan opsiýalarynyň üçden birini ulanmaýandygy belli boldy. Mysal üçin, iň köp peýdalanylmaýan mümkinçilik sürüji bilen ýolagçynyň arasyndaky aragatnaşyk funksiýasy boldy diýip, speedme.ru habar berýär.

Şeýlelikde, tehnologiýa taýdan has ösen brend Genesis kompaniýasy bolup, onuň yzyndan Cadillac, Volvo, BMW we Mercedes-Benz gelýär. Ýöne ortaça baha segmentinde orunlar başgaça paýlandy: birinji orny Hyundai eýeledi. Galan dört orunda Kia, Nissan, Subaru we GMC ýerleşdi.

Hakykatda, ähli brendleriň arasynda Tesla has köp bal gazandy. Ýöne elektromobil öndürijisi J.D.Power kompaniýasyna zerur bolan 15 ştatda awtomobil eýelerinden sorag etmäge rugsat bermeýändigi üçin gözleglere resmi taýdan goşulmady, şol sebäpli Tesla-nyň bahalary galan 35 ştatdaky netijelere esaslanýar. 

Belläp geçsek, J.D.Power kompaniýasy ýylda iki gezek gözleg geçirýär. Bu gezek gözleglere 2021-nji model ýylynyň 110 müňden gowrak awtomobil eýesi gatnaşdy. Pikir soraşmanyň ulagyň 90 günlük ulanylyş tejribesinden soň geçirilendigi habar berilýär.

şu gün 13:20
698

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

düýn 14:50
2.7k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

02.04.2026 19:44
4.9k+

Nýu-Ýorkdaky awtoulag sergisinde BMW iX3 World Car Awards tarapyndan “Ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi

BMW iX3 elektrik krossoweri World Car Awards baýragy tarapyndan “2026-njy ýylyň awtoulagy” diýlip yglan edildi. Sylaglamak dabarasy Nýu-Ýorkda geçirilen awtoulag sergisiniň çäginde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.2k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......