Olimpiýa oýunlary: «Has tiz, has ýokary, has güýçli — bilelikde» — täze şygar

  • 21.07.2021 01:32
  • 2842
Olimpiýa oýunlary: «Has tiz, has ýokary, has güýçli — bilelikde» — täze şygar

20-nji iýulda Tokioda geçirilen Halkara Olimpiýa komitetiniň 138-nji mejlisinde Olimpiýa oýunlarynyň şygary biragyzdan üýtgedildi. Dünýäniň iň iri sport baýramçylygynyň «Has tiz, has ýokary, has güýçli» şygary indiden beýläk «Has tiz, has ýokary, has güýçli — bilelikde» görnüşde ýaňlanar. Bu barada dünýäniň iri habar beriş serişdeleri tarapyndan ýaýradylan habarlarda maglumat berildi.  

Olimpiýa oýunlarynyň täze şygary Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah tarapyndan teklip edildi. HOK-nyň mejlisinde Bah oýunlaryň şygarynyň üýtgedilmegini taryhy waka hökmünde häsiýetlendirdi.
Dünýäniň iri habar beriş serişdeleri HOK-nyň resmi wekili Mark Adamsyň näme sebäpden Olimpiýa oýunlarynyň şygarynyň üýtgedilendigi baradaky sözlerini getirýär. «Şygaryň ideýasy sportda we adaty durmuşda gurşap alýan toparyň bolmazdan, seniň has tiz, has ýokary we has güýçli bolup bilmejekdigiňi düşündirmekde jemlenýär. Olimpiýa gymmatlyklary diňe bir şahsy meşhurlyk gazanmakda däl, elbetde, ol hem möhüm, ýöne, goý, ol tälimçiň, maşgalaň bolsun ýa-da lukman — seni gurşap alýan toparyňda jemlenýär. Şygaryň üýtgedilmegi, eger sen tiz gitmek isleseň, ony özbaşdak amala aşyr, ýöne uzaga gitmek isleseň, bilelikde gitmek möhümdir diýen pikiri açyp görkezmek bilen baglydyr» diýip, Mark Adams belledi.
Ýeri gelende bellesek, «Has tiz, has ýokary, has güýçli» (Citius, altius, fortius) şygary häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryny esaslandyryjy Pýer de Kuberten tarapyndan teklip edilip, 1894-nji ýylda birinji Olimpiýa kongresi tarapyndan tassyklanyldy. Şygaryň awtorlygy Kuberteniň egindeşi, fransuz ruhanysy Anri Didona degişlidir. Bu şygar 1924-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek ýaňlandy. 


06.12.2022 01:54
9115

DÇ-2022: Horwatiýa oýundan soňky jerime urgular boýunça Ýaponiýany ýeňdi

Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Horwatiýanyň futbolçylary oýundan soňky 11 metrlik jerime urgulary boýunça Ýaponiýadan üstün çykdylar. El-Wakrada geçirilen oýnuň esasy wagty...

02.12.2022 09:26
9138

DÇ-2022: Ýaponiýa Ispaniýadan üstün çykdy, olaryň ikisi hem pleý-off-a çykdylar

Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň E toparynyň üçünji oýnunda Ýaponiýa 2:1 hasap bilen Ispaniýadan üstün çykdy. Ýaponiýadan gollary Risa Doan (48) we Ao Tanaka (51) geçirdi. Ispaniýadan Alwaro Morata (11)...

24.11.2022 00:31
7446

DÇ — 2022: Germaniýanyň ýygyndysy Ýaponiýadan ýeňildi

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Katardaky dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Ýaponiýadan 1:2 hasapda ýeňildiler. Dohada geçirilen duşuşygyň 33-nji minudynda Ilkaý Gündogan...

10.10.2022 12:19
3327

Maks Werstappen “Formula-1-iň” iki gezek çempiony boldy

“Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň iki gezek ýeňijisi boldy. Eger-de niderlandiýaly birinji titulyny soňky ýaryşyň soňky aýlawynda gazanan...