Günden goraýan äýnekleri nädip saýlamaly?

  • 09.07.2021 12:37
  • 10k+

Yssy howada gözüňi Günüň ýiti şöhlelerinden goramak üçin ýörite äýnekleri dakynmak maslahat berilýär. Ýöne ony hem dogry saýlamagy başarmak gerek. mir24.tv saýtynda lukman-oftalmolog Wladimir Zolotarýow göze zyýan ýetirmeýän günden goraýan äýnekleri nädip dogry saýlamalydygy barada gürrüň berdi.

«Ultramelewşe şöhlelerinden goramagyň derejesi linzanyň reňki ýa-da onuň reňklenilişiniň güýçlüligi bilen bagly däldir. Gözi bu şöhlelerden goramagy ýa linzanyň materialy, ýa-da onuň düzümindäki ýörite ultramelewşe absorberleri, ýa-da aýratyn örtük üpjün edýär. Haýsy linzanyň günden gowy goraýandygyny ýörite enjam arkaly anyklamak mümkin. Bu ýerde ýeke-täk çözgüt öndüriji kompaniýanyň abraýyna esaslanmak ýa-da ultramelewşe goraglylygyny ýörite testdir spektrofotometr arkaly barlap bolýan ýeri gözlemek bilen baglydyr» diýip, oftalmolog aýdýar. 
Günden goraýjy filtriň topary, ýagny linzanyň şöhle goýberijilik derejesi äýnegiň tutawajynda görkezilmelidir: Cat diýen ýazgy we 0 dan 4 aralygynda sanlar. 0 sany ýagty günden goramagyň iň pes derejesidir, ýagny linzadan görünýän şöhläniň 80 den 100 göterimi geçip bilýär. 4 belgisi bolsa onuň şöhle goýberijiliginiň 3 den 8 göterime çenli bolmagyny kepillendirýär.

«Kenarda Günüň aşagynda ýatyp dynç almak ýa-da baýdarkada gezelenç etmek isleseňiz, 3 ýazgyly äýnek gözläň, şäher şertlerinde bolsa 2 ýazgyly äýnekler iň köp ýaýran görnüşidir. Günden goraýan äýnekleri saýlanyňyzda, ultramelewşe şöhlelerinden goraýan derejesini görkezýän ýazga hem ünsi çekmek zerur. UV-400 bellikli linzalar goragyň iň ýoakry derejesini kepillendirýär. 400 belgisi bolan äýnekler 400 nanometr uzaklykdaky ultramelewşe spektrleriniň öňüni bekleýär, ýagny ol äýnegiň gözi bu zyýanly şöhleden 100 göterim gorap bilýändigini aňladýar» diýip, lukman maslahat berýär.

Äýneklerdäki linzalar aýna ýa-da plastik görnüşde bolup bilýär. Aýna linzalar çyzylmaga durnuklydyr, ýöne döwlende, şikes ýetirmegi mümkin. Äýnekleriň reňkini daşky gurşawa görä saýlamak bolar.

«Gara reňkli äýnekleri hemme ýerde ulanmak mümkin, ol gündelik ulanmaga-da, kenarda ýa-da dagda gezelenç etmäge hem niýetlenendir, çal reňk, köplenç, öwüsýän linzalarda duş gelýär we ol şäher ýerlerinde has ýörgünlidir, goňur reňk bolsa daşky predmetleriň kontrastlygyny ýokarlandyrýar» diýip, Zolotarýow aýdýar. Lukman gündelik ulanmak üçin öwüsýän äýnekleri maslahat berýär, çünki olar diňe bir ultramelewşe şöhlelerinden goraman, eýsem, Günden, reňkli çyralardan, şol sanda smartfonlardyr noutbuklaryň ekranyndan gelýän göze zyýanly gök reňkiň hem öňüni beklemäge mümkinçilik berýär.

18.06.2026 18:15
3.1k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......