Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy boldy

  • 23.06.2021 12:15
  • 8.7k+

Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2021-2023-nji ýyllar aralygyndaky döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Mejlis 21-nji iýunda geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Hökümetara okeanografik komissiýanyň maksady halkara hyzmatdaşlyga ýardam bermekden hem-de ylmy barlag we tebigat, umman serişdeleri we kenarýaka sebitler baradaky bilimi giňeltmegiň mümkinçiliklerini berkitmek bilen bagly meýilnamalary utgaşdyrmakdan, şeýle-de bu bilimleri deňiz gurşawyny dolandyrmagy kämilleşdirmek we ony goramak üçin peýdalanmakdan, durnukly ösüşi üpjün etmekden we agza döwletleriň kararlary kabul etmek işlerini ýeňilleşdirmekden ybarat.
Ýerine ýetiriji geňeş Assambleýa bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň ýolbaçşy edarasy bolup durýar.
Türkmenistanyň Ýerine ýetiriji geňeşiň agzalygyna saýlanylmagy döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän ekologiýa we suw diplomatiýasy bilen sazlaşykly utgaşýan ekologiýany, suw we ýer serişdelerini goramak boýunça halkara we sebit hereketlerine işjeň gatnaşmak babatda ýurduň tagallalarynyň ýene bir aýdyň tassyknamasydyr.  

düýn 16:01
1.6k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
1k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.9k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......