Gresiýa Dikeldiş gaznasyndan 30,5 milliard ýewro alar

  • 21.06.2021 20:01
  • 4k+

Afinyda sapary wagtynda Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşiginiň Dikeldiş we durnuklylyk gaznasyndan Gresiýanyň 30,5 milliard ýewro pul serişdesini aljakdygyny aýtdy. Bu barada euronews.com habar berýär.

Ozal Italiýa, Ispaniýa we Portugaliýa hem pandemiýadan soň ykdysadyýeti dikeltmek boýunça maksatnamanyň umumy bahasy 750 milliard ýewro deň bolan pul serişdelerinden peýdalanmak üçin razylyk alypdy.  

«Biz Ýewropa yklymyny on ýyllyk geljek üçin täzeden gurýarys. Biz ykdysadyýeti sanly görnüşe geçireris. Ýewropanyň «ýaşyl» ugry hakykata öwrüler. Biz öz jemgyýetimiziň has güýçli we durnukly bolmagyny gazanmak üçin elimizde baryny ederis. Häzirki güne çenli bu maksatnamanyň bahasy 800 milliard ýewro golaýlaýar. Bu «Marşalyň maksatnamasy» döwründe Ýewropany dikeltmek üçin bölünip berlen ägirt uly maliýe toplumydyr, bu dikeldiş Ýewropa üçin häzirem, geljekde-de zerur» zerur diýip, Ursula fon der Lýaýen aýdýar.

Ýewrokomissiýanyň başlygy we Gresiýanyň Premýer-ministri «Gresiýa 2.0» meýilnamasynyň çäklerindäki serişdeleriň umumy möçberiniň grek düzümleýin gaznalary hem-de hususy maýa goýumlary bilen bilelikde 100 milliard ýewro barabar boljakdygyny bellediler. Döwlet ulgamyny doly sanlylaşdyrmak bilen birlikde, serişdeler hassahanalary döwrebaplaşdyrmaga we beýleki iri taslamalary amala aşyrmaga sarp ediler.

düýn 16:01
1.3k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......