R.Meredow Hyratda owgan kärdeşi bilen gepleşikleri geçirdi

  • 06.06.2021 19:39
  • 6.5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň Hyrat şäherinde ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Muhammet Hanif Atmar bilen duşuşdy. Bu barada TOLO habarlar saýtynda habar berildi.

Iki tapgyrda, ýagny 5-nji we 6-njy iýunda geçirilen duşuşygyň gün tertibinde iki ýurduň arasyndaky ykdysady we syýasy gatnaşyklary giňeltmek meseleleri öz beýanyny tapdy. Diplomatlar şeýle hem Owganystanda parahatçylykly ýagdaýy ýola goýmak meselesin ara alyp maslahatlaşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmak üçin esasy temalaryň arasynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistandan Hyrata elektrik geçirijisi, demir ýol liniýalarynyň gurluşygy, Hyrat mermeriniň Türkmenistana eksporty we Lapis-Lazuli geçelgesiniň üsti bilen gatnawlaryň giňelmegi bar.

"Biz diňe bir Owganystan bilen Türkmenistany däl, eýsem, Günorta Aziýany Merkezi Aziýa bilen birleşdirjek demir ýol şahasy barada gepleşikleri geçireris" -diýdi.

Duşuşygyň ilkinji gününde türkmen tarapy Owganystan bilen ykdysady we syýasy gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......