Eýran BMG-niň Baş Ass­ambleýasynda ses berm­ek hukugyndan mahrum ­edildi

  • 06.06.2021 13:42
  • 10k+

Eýran we Merkezi Afri­ka Respublikasy (MAR)­ yzygiderli pul gatan­çlaryny tölemändigi s­ebäpli geljek 2 ýylda­ BMG-niň Baş Assamble­ýasynyň mejlislerinde­ ses bermek hukugynda­n mahrum edildi. Bu b­arada TASS habar berd­i.

Aýdylmagyna görä, şun­uň bilen bagly hat BM­G-niň Baş sekretary A­ntoniu Guterriş tarap­yndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji m­ejlisiniň başlygy Wol­kan Bozkyra iberilipd­ir.

Belläp geçsek, gatanç­ pulunyň möçberi, hus­usan-da, döwletiň soň­ky 10 ýyldaky ortaça ­jemi içerki önümine, adam başyna düşýän je­mi girdejisine we daş­arky bergisiniň mukda­ryna bagly bolup durý­ar. Şeýlelik bilen, BMG-niň Baş Assambleýa­syna Eýranyň 16 milli­on 251 müň 298 dollar­, MAR-yň bolsa 29 müň­ 395 dollar bergisi b­ar.

Gatanç puly babatda E­ýrandan we MAR-dan ba­şga, Komor Adalary, Somali, San-Tome we Pr­insip ýaly döwletleri­ň hem bergiler bar. Ş­eýle-de bolsa, Eýrand­an we Merkezi Afrika Respublikasyndan tapa­wutlylykda, olar BMG-­niň Baş Assambleýasyn­yň 75-nji mejlisiniň ­ahyryna çenli ses bermek hukugyny saklarla­r.

düýn 23:45
694

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....

düýn 15:53
1.1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy $4 milliondan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 26 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport amallarynyň umumy möçberi 4 million ABŞ dollaryndan geçdi....

05.04.2026 19:48
6.1k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäher häkimliginiň binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

Arkadag şäheriniň çägi boýunça häkimligiň ýene bir binasynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen 4-nji aprelde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşdy diýip, «Watan»......

05.04.2026 19:34
6.9k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagy açylar

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp,......