Türkmenistan BMG — Zenanlar düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy

  • 23.04.2021 12:20
  • 6.3k+

BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolup hem-de bu ugurda esasy halkara konwensiýalara goşulmak bilen, BMG — Zenanlar düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşi boýunça yzygiderli çäreleri görýär hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, zenanlara hormat goýmak türkmen halkynyň gadymy däpleriniň biridir. Aýal-gyzlar jemgyýetimizde mynasyp orun eýeläp, dürli ugurlarda, şol sanda ýolbaşçy wezipelerde üstünlikli zähmet çekýärler. Ýurdumyzda zenanlaryň öz hünär, aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyryp bilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimiz aýal-gyzlaryň hukuklarynyň goralmagyny hem-de üpjün edilmegini kepillendirýär, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

şu gün 15:53
81

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy $4 milliondan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 26 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport amallarynyň umumy möçberi 4 million ABŞ dollaryndan geçdi....

düýn 19:48
5.2k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäher häkimliginiň binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

Arkadag şäheriniň çägi boýunça häkimligiň ýene bir binasynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen 4-nji aprelde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşdy diýip, «Watan»......

düýn 19:34
5.8k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagy açylar

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp,......

düýn 19:23
9.2k+

Aşgabatda Şehitler metjidiniň namaz okalýan ýeri giňeldildi

Häzirki wagtda Aşgabatda 500 orunlyk Şehitler metjidini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu mesele Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça......