Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherine iş saparyny amala aşyrar

  • 27.03.2021 15:38
  • 13k+

2021-nji ýylyň 30-njy martyndan 2-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine iş sapary meýilleşdirilýär. Bu sapara görülýän taýýarlyk barada wise-premýer R.Meredow Hökümet mejlisinde habar berdi.

Hökümetara toparynyň bilelikdäki işiniň çäklerinde amala aşyrylýan saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklary we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen nebitgaz, himiýa, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, ulag, söwda-ykdysady, ylym-bilim toplumlarynda we saglygy goraýyşda özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar we gepleşikler meýilleşdirildi.
2-nji aprelde Moskwada GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Onuň gün tertibine sebitara we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty ugurlarynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy giriziler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe resminamalary hödürlär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki ikitaraplaýyn pudagara geňeşmeleri geçirmek bellenildi.
Mundan başga-da atçylyk sungaty ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleriniň Russiýanyň döwlet sirkiniň we Moskwanyň uly döwlet sirkiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri boýunça dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk barada ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

düýn 22:54
653

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......