25-nji martda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhanalar açylar

  • 14.03.2021 15:37
  • 25k+

25-nji martda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gaýgysyz Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde täze ýyladyşhananyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär. Dabaranyň maksatnamasynyň taslamasyny wise-premýer Ç.Gylyjow Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna hödürledi. Bu desga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy.

Wise-premýer şol gün ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şol gün sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda döwrebap ýyladyşhanalary işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ýyladyşhanalaryň meýdany 35 gektara barabar bolup, olaryň kuwwaty ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmaga, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ulanylmaga beriljek döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde guramak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

düýn 22:54
627

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......