Türkmenistan ykdysady ýagdaýyň üýtgemegine çalt uýgunlaşýar — Prezident

  • 12.03.2021 15:18
  • 29k+

Dünýä ykdysady bazarlarynda çylşyrymly daşarky geosyýasy şertleriň emele gelýändigine garamazdan, Türkmenistanda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meselelerine bagyşlap geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Häzirki döwürde öňdebaryjy maliýe institutlarynyň berýän bahalaryna görä, dünýä ykdysadyýeti diňe haýallyk bilen ösüş ýoluna düşýär. Dünýä ykdysady bazarlarynda durnuksyz ýagdaý dowam edýär. Şeýle hem ösen ykdysadyýetli ýurtlarda-da ösüş depgininiň az-kem peselýändigi duýulýar. Şeýlelikde, çylşyrymly daşarky geosyýasy şertler emele gelýär. Şol sanda nebitiň we gazyň nyrhlary durnukly peselýär. Bu bolsa serişdeleriň halkara bazarlarynyň ýagdaýyna we maýa goýumlarynyň gelşine öz täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň söwda hyzmatdaşlary bolan döwletlerde hem ykdysady işjeňlik pese düşdi.
Ýokarda bellenip geçilen sebäplere garamazdan, Häzirki döwürde ýokary we durnukly ykdysady ösüş ýeterlik derejede üpjün edilýär. Bu ösüş şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça 5,9 göterime barabar boldy diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.
Ýurdumyzda ykdysady we durmuş taýdan durnukly ýagdaý saklanýar. Daşarky wehimlere garşy çalt we netijeli çäreler görülýär. Türkmenistan ykdysady ýagdaýyň üýtgemegine çalt uýgunlaşýar.
Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi. Mümkinçilikleriň doly möçberde ulanylmaýandygy, käbir ýolbaşçylaryň iş başarjaňlygynyň we hünär derejesiniň ýeterlik däldigi, ýerlerde işleriň dogry guralmaýandygy, sowuk-salalyga ýol berilýändigi kemçilikleriň hatarynda görkezildi.
Maslahatda maliýe-ykdysady toplumyň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijelerine garaldy.

düýn 22:54
653

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......