Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-i Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny kabul etdiler

  • 18.02.2021 19:32
  • 9.5k+

Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama gol çekildi. Resminama iki ýurduň daşary işler ministrleri gol çekdiler.

Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabada saparynyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
Taraplar sebitleýin hyzmatdaşlyga, şol sanda halkara guramalaryndaky gatnaşyklaryna aýratyn üns bermek bilen ikitaraplaýyn gün tertibine degişli wajyp meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Suw serişdelerini ulanmak ulgamynda bilelikdäki hereketleriň giňeldilmegi bilen birlikde, ekologiýa tematikasy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem seredilip geçildi.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýagdaýyna seredip geçdiler, bu ugurda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-özbek toparynyň derwaýyslygy bellenildi.
Diplomatlar saglygy goraýyş ulgamy bilen birlikde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýyl üçin bilelikdäki çäreleri guramagyň, şol sanda iki ýurduň taryhy-medeni mirasynyň saklanylmagy we ýaýbaňlandyrylmagy boýunça işleri geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

düýn 22:49
589

Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

düýn 15:24
6.9k+

Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýän işewürler forumy hem-de halkara sergi öz işine başlady.......

düýn 13:59
1.3k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý işewürler forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda giň gerimli forum we sergi öz işine başlady. Bu ähmiýetli çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar......

düýn 10:49
982

Türkmenistan we Malaýziýa öňde duran ýokary derejeli duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdy

27-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä,......