Ilon Mask rus dilinde W.Putiniň Twitter akkauntyna ýüz tutdy

  • 15.02.2021 16:43
  • 21k+

Amerikaly telekeçi, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask rus we iňlis dillerinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň resmi Twitter akkauntyna ýüzlendi we ony Clubhouse sosial ulgamynda söhbetdeşlige çagyrdy. 

“Siz Clubhouse-da söhbetdeşlik üçin maňa goşulmak islärdiňizmi?” – diýip, Mask Twitterde RF-iň Prezidentine ýüz tutdy.

Şeýle hem Mask W.Putin “bilen gürleşmegiň uly hormat boljakdygyny” rus dilinde belledi. 
Bir aý öň Mask rus dilinde sowet raketasynyň we kosmos tehnikasynyň baş konstruktory Sergeý Korolýowy örän gowy adam diýip atlandyrdy. Bu barada ol 12-nji ýanwarda Twitterde “Roskosmosyň” Korolýowyň doglan gününi bellemek baradaky habaryna jogap hökmünde ýazdy.
Clubhouse – bu diňe çakylyk boýunça elýeterli bolan sesli gürrüňdeşlik üçin audiomazmunly programma. Sosial ulgamda ulanyjylaryň dürli mowzuklary ara alyp maslahatlaşyp biljek “otaglary” bar, diňleýjiler bolsa dürli gepleşiklere “girýärler”, “çykýarlar”.

düýn 22:54
697

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.8k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......