Facebook 2022-nji ýylda hususy akylly sagadyny çykarar

  • 14.02.2021 19:01
  • 5.6k+

Facebook 2022-nji ýyla çenli hususy akylly sagadyny hödürlemekçi bolýar. Bu gurluş barada maglumatlar The Information hasabatynda peýda boldy diýip, dni24.com habar berýär.

Gurluş Android operasion ulgamynyň esasynda işlär, ýöne Facebook özüniň sanly çözgütlerini ulanyp, Google Wear programma üpjünçiliginden ýüz öwrüp biler. Hususan-da, akylly sagatlarda aragatnaşyk gönüden-göni sosial ulgam we onuň bilen baglanyşykly ähli hyzmatlar arkaly amala aşyrylar. 
Facebook-yň akylly sagatlary fitnes-bileziginiň roluny, ýagny lukmançylyk görkezijilerine gözegçilik etmek wezipesini ýerine ýetirer.
Enjam dürli görnüşli garnituralara birigip biler. Şeýle-de, gurluşy şu ýylyň ahyrynda hödürlenjek Ray-Ban akylly äýneklerinden maglumatlary geçirmek mümkinçiligi bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. 
The Information-yň maglumatlaryna görä, Facebook akylly sagatlaryň birinji wersiýasyny 2022-nji ýyla çenli, ikinji nesil sagatlaryny 2023-nji ýylda çykarar.
Facebook sosial ulgamy 2004-nji ýylyň fewral aýynda 19 ýaşly amerikan talyby Mark Sukerberg tarapyndan döredildi. Onuň ştab-kwartirasy Menlo-Parkda (Kaliforniýa) ýerleşýär. 

şu gün 16:10
1.9k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

düýn 09:37
1.8k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.7k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
929

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....