«Huawei-iň» «akylly» sagatlary we gulaklyklary žurnalistleriň baýraklaryna eýe boldy

  • 14.02.2021 16:39
  • 5.9k+

Huawei kompaniýasynyň täze önümleri dünýäniň dürli neşirlerinden birnäçe baýraga mynasyp boldy. Žurnalistler tarapyndan özboluşly dizaýn we ýörgünli tehnologiýalar bilen bellenen täze önümleriň arasynda akylly sagatlar HUAWEI WATCH FIT, WATCH GT 2 Pro we WATCH GT 2e, şeýle-de simsiz gulaklyklar HUAWEI FreeBuds Pro, FreeBuds 3, FreeBuds 3i we FreeLace Pro bar diýip, flatroad.ru habar berýär.

HUAWEI WATCH FIT fitnes sagady 96 türgenleşik programmasyna, saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin datçikler toplumyna hem-de ulanyja dogry maşk tehnikasy barada maglumat berýän animasiýa 3D-rolikleri görkezmek funksiýasyna eýe. HUAWEI WATCH FIT sagady Android Authority, Tech Advisor, T3 we Trusted Reviews neşirleriniň baýraklaryny aldy. 
HUAWEI WATCH GT 2 Pro gajeti Android Headlines, PocketNow, Tech Advisor we Trusted Reviews baýraklaryna eýe boldy. Smart-sagat awtonomlygy, türgenleşik sanawynyň giňdigi we dizaýny üçin synçylar tarapyndan ýokary baha aldy. 
HUAWEI WATCH GT 2e 85 türgenleşik režimini göterýär we zarýad bermezden 14 güne çenli işleýär. Şonuň üçin bu sagat AndroidHeadlines, Newsweek, PhoneArena, PocketNow we Trusted Reviews baýraklaryny aldy.
Huawei FreeBuds Pro simsiz gulaklyklary Android Authority, Stuff, Android Central we PocketNow ýaly neşirleriň baýraklaryna eýe boldy. Işjeň galmagaly ýatyrýan ulgamy bolan TWS-gulaklyklary HUAWEI FreeBuds 3 Android Authority, GSMArena, Phandroid, Newsweek we Tech Advisor baýraklaryny aldy. Android Headlines we Tech Advisor baýraklaryny alan HUAWEI FreeLace Pro simsiz gulaklyklary bir zarýadda 16 sagada çenli işläp bilýär.

şu gün 11:15
864

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

şu gün 08:18
901

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

şu gün 07:37
1.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......