Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 02.02.2021 08:31
  • 12k+

1-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, geçiriljek ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy hem-de welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň hepdäniň dowamynda alnyp barlan işler baradaky hasabatlary diňlenildi. 
Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, möwsümleýin işleri öz wagtynda geçirmegiň, ekerançylary höweslendirmegiň we goldamagyň bereketli hasyl almagyň özenidigini nygtady.
Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady. 
Döwlet Baştutany Hökümetiň geçen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna bolşy ýaly, wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem her pudak boýunça alnyp barylýan işleriň seljerilmeginiň tabşyrylandygyny belläp, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň öňde boljak giňişleýin mejlisine degişli hasabaty taýýarlamagyň möhümdigi barada wise-premýere ýene-de bir gezek görkezme berdi. 

düýn 16:01
1.2k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......