Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti BMGÖM bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

  • 21.01.2021 17:35
  • 6.1k+

Düýn BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn-duşuşygyň çäklerinde “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2021-2023-nji ýyllaryň dowamynda täze taslamanyň çäklerinde ýurdumyzyň maglumat-tehniki kuwwatyny has-da berkitmek boýunça bilelikdäki işleri geçirmek bellenildi, milli statistika –2008 usulyýetine geçmek, şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryny ölçemek üçin statistika hasabatlylygyny düzmek boýunça bilimleri artdyrmak babatda işler dowam etdiriler.
Şeýle hem üç ýyllyk taslamanyň çäklerinde statistika işewürlik – belgisi boýunça programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler, onuň döredilmegi maglumatlary toplamak, işlemek we seljermek işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyna yzygiderli çemeleşmäge mümkinçilik berer.

düýn 22:54
599

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......