Özil "Fenerbahçe" bilen üç ýyllyk şertnama baglaşdy

  • 15.01.2021 18:13
  • 7.3k+

“Arsenalyň” ýyldyz ýarym goragçysy Mesut Özil Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary bilen üstünlikli gepleşikler geçirdi. “Mirror” gazetiniň ýazmagyna görä, taraplar üç ýyllyk uzak möhletli şertnama baglaşmak barada ylalaşyga geldiler. Bu barada euro-football.ru habar berdi.

Mesut möwsümiň birinji ýarymynda toparyň oýunlaryna az çagyrylyp, kän çykyş edip bilmedi. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda bolsa nemes ýarym goragçysy "Arsenalyň" esasy toparyndan aýratynlykda türgenleşdi.
Ýeri gelende bellesek, Özil 2013-nji ýyldan bäri londonlylaryň düzüminde toparyň reňklerini gorap gelýär. Oýunçynyň iňlis kluby bilen häzirki dowam edýän şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.
Mesut Premýer liganyň 2019/2020-nji möwsüminde 18 gezek oýna çykyp, bir gol geçirdi hem-de iki asist etdi.

düýn 20:42
2.4k+

Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy

ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi...

düýn 16:38
5.4k+

Türkmen emini AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň «Al-Ahli» — «Esteglal» duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistandan FIFA-nyň emini Resul Mämmedow 2025–2026 möwsüminiň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy üçin ätiýaçdaky emin hökmünde bellenildi. Kataryň «Al-Ahli» we Eýranyň «Esteglal» toparlarynyň arasyndaky bu oýun 18-nji fewralda Dohanyň «Al-Tumama» stadionynda geçiriler...

düýn 15:35
1.3k+

Aşgabatda «Grassroots Football Day» çagalar futbol festiwaly geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda «Grassroots Football Day» festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda we «Altyn asyr» futbol klubunyň goldawy bilen geçirilen bu çäre futbol janköýeri bolan 100-den gowrak çagany bir ýere jemledi...

düýn 15:21
4.3k+

Taýson Fýuri we Arslanbek Mahmudow söweşden öň ilkinji "bakyşlaryň duşuşygyny" geçirdiler

Britaniýaly belli boksçy Taýson Fýuri we asly russiýaly Arslanbek Mahmudow aprel aýynda boljak uly söweşiň öňüsyrasynda ilkinji gezek Londonda duşuşdylar. Iki boksçynyň "bakyşlaryň çaknyşygy" dabarasy söweşe bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy...