Ýewropada ulanylan lukmançylyk geýiminden we örtüginden ýangyç öndürilýär

  • 14.01.2021 19:55
  • 9.7k+

Galisiýada (Ispaniýa) koronawirusly hassalar bilen işleşýän lukmançylyk işgärleriniň ulanan maskalaryndan, elliklerinden we gorag lybaslaryndan ýangyç öndürilip başlandy. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Bularyň hemmesiniň düzüminde plastmassanyň bardygy habar berilýär. Önümçilik döwründe bu galyndylaryň potensial howpunyň bardygy üçin olar Selsiýa boýunça 850 gradusa çenli gyzdyrylýar, ýogsa plastmassany ýangyja öwürmek üçin ony, adatça, 400 gradus gyzdyrmak hem ýeterlikdir.
Lukmançylyk galyndylaryndan alnan ýangyç jaýlary ýylatmakda, şeýle hem agyr senagatda, mysal üçin, sement öndürmekde ulanylýar.
Ýangyç öndürmekde ulanmak üçin Galisiýanyň bary-ýogy 3 hepdäniň dowamynda COVID-19 bilen baglanyşykly 70 tonnadan gowrak lukmançylyk galyndylaryny ýygnandygy habar berildi.

şu gün 12:10
499

Boeing 777 NASA-nyň uçýan uly barlaghanasyna öwrüldi

NASA Boeing 777-niň binýadynda täze ylmy uçary ulanmaga taýýarlyk işlerini tamamlady. Tehas ştatynda bir ýyl dowam eden döwrebaplaşdyrma işlerinden soň, bu uçar Wirjiniýa ştatyndaky Lengli barlag merkezine......

düýn 23:19
3.5k+

Saturnyň hemrasynda hatda ýeňiljek şemal hem uly tolkunlary döredip biler

Planetologlar tolkunlaryň emele gelişiniň mehanizmlerini düşündirýän uniwersal fiziki modeli işläp düzdi. JGR Planets žurnalynda çap edilen bu barlag Saturnyň Titan atly hemrasynda, hatda örän gowşak ýelleriň......

düýn 18:12
3.5k+

Ýagşyň sesi şalynyň gögerişini çaltlaşdyrýar

Amerikaly alymlar ýagşyň sesiniň şaly tohumlarynyň gögerişini çaltlaşdyryp biljekdigine göz ýetirdiler. Barlagyň netijesine görä, düşýän damjalardan çykýan akustiki tolkunlar ösümligiň öýjüklerinde titremäni......

düýn 15:24
3.9k+

Arheologlar Yssyk-kölüň düýbündäki suw astynda galan orta asyr şäheriniň syrlaryny açdylar

Halkara arheologik ekspedisiýasy Yssyk-kölüň Töru-Aýgyr obasynyň golaýyndaky suw howzunda geçirilen giň möçberli barlaglaryň netijelerini mälim etdi. Alymlar diňe bir orta asyr şäheriniň köçeleriniň kartasyny......