Türkmenistan Merkezi Aziýa ösüş gaznasyny döretmek (С5 Fund) meselelerine garamaga taýýar

  • 07.01.2021 08:53
  • 7.9k+

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFС) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň hususy ulgamyna, kiçi we orta işewürlige, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek bilen baglylykda, maliýe, maslahat beriş we tehniki taýdan goldaw bermegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.
Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Türkmenistanyň Halkara maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berildi. Amerikaly hyzmatdaşlara bu gazna gatnaşmak teklip edildi.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ösüş gaznasynyň döredilmegi (С5 Fund) bilen baglanyşykly meselelere giňişleýin garamaga Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi sebit üçin senagat we ulag düzümlerini, oba hojalygyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

düýn 16:01
1.3k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
855

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
913

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......