Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 28.12.2020 12:44
  • 4.8k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Şotlandiýanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri degişlilikde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň wekilleri reňksiz aýnalary, nah ýüplükleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 113 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Gonkongyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Ermenistanyň işewürleri umumy bahasy 37 million manada barabar bolan dürli görnüşdäki nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 225 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

düýn 16:50
1.7k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

düýn 07:24
10k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
7.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

07.04.2026 21:02
2k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......