Türkmen elektrik energiýasynyň eksportynyň ösüşi rekord derejä çykýar

  • 23.12.2020 17:43
  • 8.8k+

Türkmenistan ýanwar-sentýabr aýlarynda elektrik energiýasynyň eksportynyň bahasyny, 2019-njy ýylyň 9 aýy bilen deňeşdirilende, 2,4 esse ýokarlandyrdy. Üpjünçiligiň fiziki mukdary bolsa 2,1 esse artdy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasyny esasy satyn alyjylar Owganystan, Eýran we Özbegistandyr. Ýakyn geljekde onuň goňşy Owganystana iberilişini artdyrmak meýilleşdirilýär.
Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Energetika ministrligine degişli kärhanalar elektrik energiýasynyň önümçiligini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40,3% ýokarlandyrdy. Olar 2020-nji ýylyň on aýy üçin önümçilik meýilnamasyny 122,9% ýerine ýetirdiler.
Şu ýylyň başynda öň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetiren Çarymyrat Pürçekow Türkmenistanyň Energetika ministri wezipesine bellendi. Ministri wezipä belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energiýasynyň önümçiligini we eksportyny ýokarlandyrmagyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji liniýasynyň gurulmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Senagaty ösdürmek meýilnamasyna laýyklykda, 2024-nji ýyla çenli Türkmenistanda elektrik energiýasy ýylda 33 milliard kilowat sagada ýetmeli. Bu maksada ýetmek üçin bar bolan önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylýar. 2018-nji ýylda ýurtda ilkinji kombinirlenen aýlaw elektrik stansiýasy açyldy.

düýn 22:54
627

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......