Ýylyň ahyryna çenli türkmen-rus söwdasynyň möçberi 1 milliard dollara ýeter

  • 20.12.2020 13:58
  • 8.4k+

2020-nji ýylda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar, pandemiýa garamazdan, çalt depginde ösdi. Bu barada ýylyň jemleri boýunça geçirilen brifingde Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin aýtdy.

“Rus-türkmen söwda-ykdysady gatnaşyklary, pandemiýa garamazdan, çalt ösdi. Hususan-da, Russiýa Federasiýasy bilen söwda dolanyşygy 20 göterimden gowrak ýokarlandy we ýylyň ahyryna çenli, takmynan, 1 milliard dollara ýeter”-diýip, Russiýanyň wekili nygtady.

Ol Russiýanyň Türkmenistana senagat we himiýa önümleriniň, azyk harytlarynyň, metal önümleriniň, tehnikalaryň, enjamlaryň, agajyň we ş.m. üpjünçiligini artdyrandygyny belledi. Türkmenistan hem öz gezeginde Russiýa Federasiýasyna, hususan-da, himiýa önümleriniň, azyk harytlarynyň, oba hojalyk çig mallarynyň we ş.m. eksportyny artdyrdy.
Ilçiniň aýtmagyna görä, eýýäm birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär, energiýa we gämi gurluşygy boýunça birnäçe şertnama we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
Şeýle hem Blohin Russiýanyň Türkmenistana «Ansat» we «Mi-17» dikuçarlaryny ibermek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişini tamamlaýandygyny aýtdy.

“Bu ýyl ýüzbe-ýüz aragatnaşyklar az boldy, ýöne köp sanly onlaýn aragatnaşyk arkaly munuň öwezi dolundy. Biziň çaklamalarymyza görä, wideoaragatnaşygy arkaly 50 töweregi gepleşik geçirildi"-diýip, Aleksandr Blohin aýtdy.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......