Türkmenistan — ABŞ syýasy geňeşmeleriniň ikinji gününde ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

  • 17.12.2020 15:15
  • 3.5k+

16-njy dekabrda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň dowamynda ynsanperwerlik mowzugy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň milli we medeni aýratynlyklaryny nazara almak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny gorap saklamak ugrunda döwletde alnyp barylýan çäreler barada jikme-jik aýdyp geçdi. Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlykda we halkara zähmet kadalaryna laýyklykda zähmet ulgamynda hukuklaryň berjaý edilmegine aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň din azatlygyny we beýleki adam hukuklaryny üpjün etmekdäki amaly tejribeleri barada nygtaldy. Ýurtda geçirilýän durmuş-ykdysady we hukuk özgertmelerine mysallar getirildi.

düýn 16:01
1.3k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
855

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
891

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......