Türkmenistan we Özbegistan parlamentara gepleşikleri geçirdiler

  • 01.12.2020 23:43
  • 4.7k+

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen onlaýn duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri esasy ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar boldy.

Duşuşygyň dowamynda syýasy we medeni ulgamlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şeýle hem toplanan tejribeleri, nazary bilimleri hem-de Parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, olara iş ýüzünde amal edilmegini alyşmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, şeýle hem halkara abraýly guramalaryň we düzümleriň derejesinde ýola goýlan oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny nygtadylar.

 

düýn 22:54
653

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......