BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş direktory bilen duşuşyk geçirildi

  • 19.11.2020 22:24
  • 2.2k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça guramasynyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa bilen wideoduşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy howpsuzlyga we durnuklylyga, adam hukuklarynyň goralmagyna, ekologiýa we energetika howpsuzlygyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň ilerledilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Koronawirus pandemiýasyny we onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere aýratyn garaldy. Gurbanguly Berdimuhamedowyň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça, hususan-da, merkezi edarasy Ženewada ýerleşýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly, halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda degişli halkara gurallarynyň işlenilip taýýarlanmagyny we döredilmegini teklip edendigi nygtaldy.

düýn 17:22
2.2k+

Wengriýadaky parlament saýlawlarynda «Tisa» partiýasy ýeňiş gazandy

Wengriýada geçirilen parlament saýlawlarynda «Tisa» oppozision partiýasy ýeňiş gazandy. Ol býulletenleriň 98,9%-i sanalandan soň, sesleriň 53,07%-ini aldy....

düýn 15:34
6k+

Türkmenistanyň Mejlisi täze kanunlar toplumyny kabul etdi we Adalatçynyň hasabatyny diňledi

11-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda ýurduň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen birnäçe kanun......

düýn 15:28
2k+

Dünýäniň iň baý adamlary "offshore-da" $3,5 trln saklaýarlar

Oxfam guramasynyň maglumatlaryna salgylanýan The Insider neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň «offshore-de» saklan we salgyt salynmadyk baýlygynyň mukdarynyň takmynan 3,55 trillion dollara barabardygyny habar......

düýn 13:08
2.8k+

Ýadro lukmançylygy we howpsuzlyk: Türkmenistan bilen AEHA 2026–2030-njy ýyllar üçin maksatnama taýýarlaýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşdy diýip,......