Türkmenistanda tennis boýunça milli çempionat geçiriler

  • 13.11.2020 23:23
  • 4.1k+

23-27-nji noýabr aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň kortlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, erkekleriň arasynda, şeýle hem aýallaryň arasynda tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu barada "Нейтральный Туркменистан" gazeti habar berýär.

Bäsleşigiň netijeleriniň esasynda 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deýwisiň kubogyna (dördünji bölüm) gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň deslapky düzümi kesgitleniler.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wekilleri Halkara tennis federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn gepleşikleri geçirýärler. Olaryň dowamynda Deýwisiň kubogy ýaryşynyň guramaçylyk taraplary ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle wirtual duşuşyklaryň biri ýakynda ITF-iň başlygy Deýwid Haggerti bilen geçirildi. Onuň dowamynda Aşgabatda geçiriljek uly halkara ýaryşdan başga-da, türkmen paýtagtynda ITF-iň Merkezi Aziýa sebit dolandyryş merkezini açmak barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Baş sekretary Eziz Döwletowyň "Нейтральный Туркменистан" gazetine beren interwýusynda aýdylyşy ýaly, bu wekilçilikli sport guramasynyň wezipelerine sebitdäki ýurtlarda bu Olimpiýa sportunyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjak statistiki, seljeriş we marketing gözlegleri girer. Häzirki wagtda bu mesele boýunça indiki onlaýn ýygnagyň geçiriljek güni ylalaşylýar we bu çekişmä Aziýanyň tennis federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

düýn 23:31
404

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....

düýn 23:07
1.3k+

Gattuzo Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi, ýurduň Futbol Federasiýasynyň başlygy hem yzyna eýerdi

Italiýanyň milli ýygyndysy Jennaro Gattuzonyň baş tälimçi wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu karar topar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky soňky pleý-off oýnunda......

düýn 20:48
4.1k+

Messi, Ronaldu, Mbappe we Winisius bir wideoda LEGO-nyň täze toplumynyň mahabatynda düşdüler

Futbol ýyldyzlary — Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kilian Mbappe we Winisius Žunior 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan mahabat wideosyna gatnaşdylar....

düýn 19:30
1.7k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......