BMG on ýurda köpçülikleýin açlygyň howp salýandygyny habar berdi

  • 08.11.2020 17:00
  • 16k+

Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň dokuzdan gowrak ýurdy köpçülikleýin açlyk howp astyna düşdüler diýip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň saýtynda habar berilýär. Muny vm.ru belläp geçýär.

Dawa-jenjeller, ykdysady kynçylyklar, adatdan daşary howa şertleri we koronawirus pandemiýasy ýüzlerçe müň adam üçin azyk önümlerine elýeterliligi çäklendirýär.

- Dünýäde durnuksyzlyk ösýär. 16 töweregi sebite açlyk meselesi howp salýar, olardan Burkina-Faso sebiti, demirgazyk-gündogar Nigeriýa, Günorta Sudan, Ýemen has “gyzgyn nokatlardyr” – diýip, BMG-niň hünärmenleri habar berýärler.

COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýagdaý has ýaramazlaşýar. Adamlara iýmit önümleri gerek. Azyk önümleriniň bahasy, şeýle-de howa şertleri ýagdaýyň geljekki ösüşini kesgitlär diýip, gurama hasaplaýar.
Öň, Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň ýolbaşçysy Dewid Bisli COVID-19 pandemiýasynyň täsirini gowşatmak üçin ynsanperwer işleri amal etmäge geljek 6 aýyň dowamynda 5 mlrd dollary bölüp bermegiň gerekdigini habar berdi. Ol milliarderleri we kompaniýalary 2020-nji ýylda tutuş dünýä boýunça açlykdan ýogalmak howpunyň astynda bolan 30 mln töweregi adamy halas etmek üçin kömek etmäge çagyrdy.

düýn 19:17
4.6k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

düýn 17:31
2.2k+

Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO»......

düýn 14:43
6.9k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......

düýn 11:57
5.2k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň......