Türkmen banklary karz kartlaryny çykarar

  • 17.10.2020 18:02
  • 28k+

Türkmenistanyň döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklary «Owerdraft karty» täze karz kartlaryny çykararlar. Bu kartlar raýatlarymyzyň gündelik isleg bildirýän harytlaryny satyn almaklaryndaky maliýe mümkinçiliklerini giňelder. Täze kredit kartlary aýlyk zähmet haklarynyň 40%-den başlap, üç essesine çenli möçberde gysga möhletli karzlary resmileşdirmekligi tizleşdirer.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, bu hyzmat nagt däl hasaplaşyklarda serişdeler ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda karz edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda müşderiniň hasabyny bellenilen çäklerde kreditleşdirer.
Degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylyp berlenden soň, karz kartyny goşmaça şertnama baglanyşmazdan, gaýtadan ulanyp bolýar.

düýn 22:07
835

Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 28 million ABŞ dollaryna barabar geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 18 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 21:27
1.3k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

düýn 20:30
2.3k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

düýn 15:31
1.2k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......