Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

  • 17.10.2020 15:30
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisini geçirmäge taýýarlyk görýär. Sergini 1-nji noýabrdan Internet ulgamynda öz işine başlatmak meýilleşdirilýär.

Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer Ç.Gylyjow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual diwarlyklar, şeýle hem umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi adamlara çäk taýdan uzak aralykda ýerleşmegine garamazdan, olara gyzyklandyrýan maglumatlaryny gije-gündiziň dowamynda almagyna mümkinçilik berer. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň saýtlarynda elektron poçtanyň salgylaryny, telefon belgilerini we beýleki salgylanmalary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda wirtual diwarlygyň ýöriteleşdirilen maglumatlar bölümlerinde gatnaşyjylaryň önümleri we hyzmatlary ýerleşdirildi. Olar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler. Serginiň saýtyna girýänler awtomatik ýagdaýda bellige alynýar, bu bolsa gyzyklanma bildirýän taraplaryň sanyny bilmäge mümkinçilik berer.
“Wirtual sergi” taslamasynyň amala aşyrylmagy gazanylan işewür üstünlikleri görkezmek, netijeli mahabat işi, täze hyzmatdaşlary tapmak usuly, täze şertnamalary baglaşmak, bazaryň ýagdaýyna baha bermek, onda öz ornuňy kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolar.

düýn 22:54
653

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......