Myrat Arabow “Halkbank” PTB-niň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlandy

  • 17.10.2020 15:00
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidenti Myrat Arabowy “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda çykaran 1-nji Kararyny tassyklady.

Mundan öň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony guramaçylyk-hukuk görnüşi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

şu gün 02:31
102

Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialog açyldy

16-njy fewralda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy boldy. Forum Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen bilelikde guraldy...

düýn 20:15
1.6k+

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Imperatoryň doglan güni mynasybetli kabul edişlik gurady

Aşgabatda Ýaponiýanyň ilçihanasy tarapyndan Onuň Alyhezreti Imperator Naruhitonyň 66 ýaşy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, diplomatik wekiller, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy...

düýn 13:24
1k+

Bangkokda türkmen-tailand gatnaşyklarynyň täze tapgyry ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Bangkok şäherinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy...

düýn 11:26
830

Serdar Berdimuhamedow Litwanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi...