Fransiýanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 15.10.2020 10:49
  • 7.7k+

Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Ginel Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Döwlet Baştutany ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly ýurduň ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Pikir alyşmalaryň barşynda döwlet Baştutany we Fransiýanyň doly ygtyýarly wekili döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga taraplaryň gyzyklanma bildirýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Ilçi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini hem-de ony ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly kuwwaty belläp, munuň Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän netijeli syýasaty esasynda mümkin bolandygyny nygtady.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan iri fransuz kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary aýdyň mysal hökmünde getirildi.
Söhbetdeşler iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklap, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Esasy ugurlar hökmünde ýangyç-energetika ulgamy, söwda-ykdysady pudagy, aragatnaşyk, ekologiýa, suw hojalygy, şähergurluşygy we beýlekiler agzaldy.
2021-nji ýylyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda geçiriljek çäreler we bilelikdäki işler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......