20-nji sentýabrdan ABŞ-da TikTok we WeChat programmalaryny ýüklemek gadagan ediler

  • 19.09.2020 17:29
  • 9.7k+

ABŞ-nyň çäginde WeChat we TikTok hytaý programmalaryny ýüklemek gadagan ediler. Bu barada ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň habarnamasynda aýdylýar. Muny Regnum agentligi habar berýär.

Söwda ministrliginde WeChat we TikTok programmalaryny ýaýratmak ýa-da olaryň işini goldamak boýunça islendik hyzmatyň 20-nji sentýabrdan gadagan boljakdygy bellenilýär. Bu programmalary onlaýn-dükanlar arkaly ýüklemek gadagan edilýär.
Habarnamada, aslynda, Hytaýda işlenilip düzülen bu programmalara Birleşen Ştatlardaky ulanyjylaryň elýeterliligini doly ýok etmek barada gürrüň edilýändigi nygtalýar. Şeýle-de, onda “Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna, daşary syýasatyna we ykdysadyýetine howp salmak üçin bu programmalary ulanmak mümkinçiliklerini we sebäplerini görkezendigi” bellenilýär.
Google we Apple kompaniýalary ABŞ-nyň ýaşaýjylary üçin elýeterli bolan platformalaryndan hytaý programmalaryny aýyrmaly bolarlar. Eýýäm TikTok we WeChat programmalary bolan ulanyjylar bolsa olary täzeläp bilmezler. Ýöne amerikan kompaniýalary ABŞ-nyň çäginden daşary WeChat bilen işleşip bilýärler.
Ýatlap geçsek, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 6-njy awgustda, eger-de serwisiň amerikan bölegi 45 günüň içinde amerikan kompaniýalaryna satylmasa, ABŞ-da TikTok-y gadagan etmek hakynda permana gol çekdi. Şeýlelik bilen, Ak öýüň talap ediji möhleti hut 20-nji sentýabrda tamamlanýar.

şu gün 19:49
2.9k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

şu gün 12:01
1.6k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

şu gün 11:48
2.6k+

Eurostat ÝB ýurtlarynyň durmuş derejesiniň düýpli tapawutlanýandygyny görkezdi

2025-nji ýylyň maglumatlaryna görä, ÝB ýurtlarynyň arasynda ilat başyna düşýän girdeji we durmuş derejesi boýunça düýpli parhlanýar. Eurostat-yň barlagynda bahalaryň arasyndaky tapawutlar hem hasaba alyndy....

şu gün 11:29
2.8k+

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy

8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Gurbanguly......