Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleriniň geňeşmeleri geçirildi

  • 18.09.2020 15:01
  • 5.8k+

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirdiler.

Iki döwletiň DIM-niň ýolbaşçylary dürli derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam edýändigini bellediler. Bu ugurda gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de dünýäde häzirki epidemiologik ýagdaýlar kadalaşandan soň iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlarynyň guralmagyna taraplaryň taýýardygy beýan edildi.
Gepleşikleriň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, nebit-gaz, gazhimiýasy pudaklarynda, şeýle hem oba hojalygy, dokma we gurluşyk senagatlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler.
Türkmenistanyň senagat düzümlerini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlarynyň çekilmegi söhbetdeşligiň aýratyn temasy boldy. Bu ugurda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň wekilleriniň pudagara duşuşyklarynyň dikeldilmeginiň möhümligi nygtaldy.

düýn 19:17
3.7k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

düýn 17:31
1.9k+

Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO»......

düýn 14:43
6.4k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......

düýn 11:57
5k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň......