Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministri bilen duşuşyk geçirdi

  • 18.09.2020 14:40
  • 5.2k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda döwletara ykdysady taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmäge hem-de söwda-ykdysady we ulag-logistika, energetika, oba hojalygy ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, häzir hereket edýän «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýolunyň wajypdygy hem-de türkmen tarapynyň häzirki zaman Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýoluny gurmak baradaky täze başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu ýol hem ýakyn geljekde goňşy ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýolagçy gatnawlarynyň we ýük daşamagyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Serhetýaka hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, goňşy döwletleriň üstaşyr kuwwatyny artdyrmak, Türkmenistanyň işjeň öňe sürýän energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri barada durlup geçildi. Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmegiň çäklerinde tagallalary birleşdirmek işinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin biziň ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp, bu babatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň möhüm ornuny belledi.
Täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda gazhimiýa ulgamynda, türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ibermekde, obasenagat toplumynda taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.
Askar Mamin Gurbanguly Berdimuhamedowy şu aýda bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

düýn 22:54
653

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......