Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 87-nji mejlisine gatnaşdy

  • 16.09.2020 14:44
  • 5.5k+

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen 87-nji mejlisine gatnaşdy.

Şu mejlisiň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alşyldy, birnäçe resminamalara garaldy.
Hususan-da, 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy netijeleri hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin şeýle strategiýanyň birinji tapgyryny (2021 — 2025-nji ýyllar) durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna hem-de GDA gatnaşyjy ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin innowasiýa hyzmatdaşlygynyň Döwletara maksatnamasynyň taslamasy baradaky maglumatlar diňlenildi.
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini şu ýylyň dekabr aýynda Moskwada geçirmek göz öňünde tutulýar.

düýn 19:17
4.4k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

düýn 17:31
2.2k+

Astanada «RES 2026 EXPO» halkara sergisi öz işine başlady

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Gazagystanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti öz işine başlady. Bu sammitiň çäklerinde Astananyň «EXPO»......

düýn 14:43
6.8k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......

düýn 11:57
5.2k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň......