Dünýäde nebite bolan islegiň hiç haçan öňküsiçe bolmazlygy ähtimal - BP

  • 16.09.2020 01:05
  • 12k+

2019-njy ýylda dünýäde nebite bolan isleg iň ýokary derejesine ýetdi we indi hiç wagt pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp bilmez. Şeýle diýlip, BP kompaniýasynyň analitikleri tarapyndan taýýarlanan 2050-nji ýyla çenli dünýä energiýasynyň ösüşi baradaky çaklamada aýdylýar. Bu barada Praým agentligi habar berýär.

Bu - öňünden aýdyp boljak iň erbet ýagdaýyň ssenariýasy. Döwrüň soňuny ilkinji bolup iňlis analitikleri çakladylar. Şeýle-de bolsa, olar bütindünýä energetikasyny ösdürmek üçin mümkin bolan üç ssenariýany: pes uglerodly energiýa (Rapid) çalt energiýageçişiniň ssenariýasyny, uglerodsyz energiýanyň ssenariýasyny (Net Zero) we pudagy adaty model boýunça ösdürmegiň ssenariýasyny (Business-as-usual) göz öňünde tutýarlar.

“Çalt energiýageçişiniň ssenariýasynda we uglerodsyz energiýa ssenariýasynda suwuk uglewodorodlara bolan isleg COVID-19 sebäpli pese gaçmadan soň hiç haçan doly dikelip bilmez, bu bolsa iki ssenariýada hem nebite bolan islegiň 2019-njy ýylda özüniň iň ýokary derejesine ýetendigini aňladýar. Munda isleg 2050-nji ýyla çenli birinji ssenariýada - 50%, ikinjide bolsa 80% diýen ýaly azalýar. Adaty ssenariýada nebite bolan garaýyş has oňyn: 2050-nji ýyla çenli isleg häzirki derejä garanyňda bary-ýogy birneme azalar" - diýlip, çaklamada aýdylýar.

Umuman aýdanyňda, ilkinji iki ssenariýada energiýa islegi 10%, üçünjisinde, takmynan, 25% öser.
Çalt energiýageçiş ssenariýasynda gaza bolan isleg 2050-nji ýyla çenli häzirki derejesinden üýtgemez. Uglerodsyz ssenariýada 40% töweregi peseler we adaty ssenariýada, takmynan, 35% ýokarlanar.
Kömüriň sarp edilmegi üç ýagdaýda-da ep-esli peseler. Bu, esasan-da, 2050-nji ýylda 80%-den gowrak azalmagyna garaşylýan çalt energiýageçişinde we uglerodsyz energiýa ssenariýalarynda şeýle bolar.

düýn 19:01
3.7k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...