Hytaý wodorod awtomobillerini çykarmaga taýýarlanýar

  • 15.09.2020 23:01
  • 9.7k+

SAIC Motor Corp. Ltd hytaý awtoöndürijisi 2025-nji ýyla çenli wodorod bilen işleýän 10-dan gowrak awtomobil modellerini çykarmagy göz öňünde tutýar. Bu barada eadaily.com habar berýär.

SAIC Motor kompaniýasynyň ýolbaşçysy Wan Sýaosýunyň aýtmagyna görä, kompaniýa ýörite taslama bilen işjeň meşgullanýar, onuň çäklerinde wodorod awtomobilleri üçin ýangyç öýjükleri işlenip düzülýär we öndürilýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçylygynyň meýilnamasyna laýyklykda, bäş ýylyň içinde wodorod ýangyç elementlerinde 10 müň awtomobili öndürmek we satmak meýilleşdirilýär.
Bu taslamany SAIC Motor 19 ýyl mundan ozal iş ýüzüne geçirdi we häzire çenli oňa goýlan maýa goýumyň möçberi 439 million dollara barabardyr (3 mlrd ýuan). Kompaniýa ýangyç elementleri pudagynda eýýäm 511 patent aldy. Mundan başga-da, SAIC Motor wodorod ulaglary üçin öýjükleriň barlagyna we taýýarlanylyşyna gözegçilik eder ýaly ýörite hünärmenler toparyny döretmegi hem göz öňünde tutýar
 “Wodorod” awtoöndürijisiniň tagallalary döwlet tarapyndan goldanylýar. HHR-iň Senagat we informasiýa ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda, ýurtda 2030-njy ýyla çenli 1 müňden gowrak wodorod ýangyç guýulýan stansiýasy gurlar.
Şol bir wagtda Toyota we Hyundai ýaly dünýä brendleri hem Hytaýda wodorod ýangyç elementli awtomobilleri çykarmagy meýilleşdirýändiklerini mälim etdiler.

düýn 21:47
4.6k+

Çykdajyly tygşytlama: awtoulagyň hereketlendirijisini zaýalap biljek internet maslahatlary

Awtoulagyň abatlaýyş işlerini geçirende pul tygşytlamak barada internetde meşhur maslahatlar uly näsazlyklaryň döremegine sebäp bolup biler. Bu barada Fit Service halkara awtoulag abatlaýyş ulgamynyň......

düýn 15:15
1k+

Toyota ýakyn geljekde RAV4 krossoweriniň elektrik wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirmeýär

Toyota kompaniýasy, platformasynyň tehniki mümkinçiliklerine garamazdan, özüniň iň meşhur krossoweri bolan RAV4-i elektrik çekişe geçirmegi meýilleşdirmeýär....

düýn 09:56
1.5k+

Täze Porsche Cayenne Coupe 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda ýetýär

Porsche kompaniýasy Cayenne krossoweriniň kupe kuzowyndaky elektrik görnüşini tanyşdyrdy. Bu model tomsuň ahyrynda dünýä bazaryna üç görnüşde çykar we onuň bahasy 113 800 dollardan başlar....

24.04.2026 18:17
2.1k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....