Türkmenistanda howply ýokançlara garşy bejergiden boýun gaçyranlar tussag edilip bilner

  • 07.09.2020 01:06
  • 57k+

Howply diýlip ykrar edilen ýokanç kesellerden bejergi almakdan bilkastlaýyn boýun gaçyran adamlar indi iki ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine şunuň bilen baglanyşykly madda girizildi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Düzgün gaýtadan bozulan ýagdaýynda, şeýle hereketler agyr netijelere sebäp bolan ýa-da üçünji taraplaryň ölümine sebäp bolan ýagdaýynda azatlykdan mahrum etmegiň möhleti bäş ýyla çenli bolup biler. Şeýle hem howply ýokanç kesellere garşy bejergi almakdan bilkastlaýyn boýun gaçyrmaga ýardam eden adam hem jogapkärçilige çekiler.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine girizilen bu goşundy ählumumy epidemiologik şertlerinde örän möhümdir. Jemgyýetçilik jogapkärçiligi Türkmenistanyň raýatlaryna ählumumy pandemiýanyň netijelerinden mundan beýläk-de gaça durmaga kömek eder, kanuny resminama bolsa bu babatda häzire çenli ýetilen üstünlikleri has-da berkider.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisi koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly işlenip düzülen başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryny tassyklady.
Türkmenistan "Migrasiýa baradaky" Kanunynyň 17-nji maddasynyň birinji bölüminiň onunjy bendine laýyklykda, ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistanyň daşynda üznüksiz galmak möhleti bir ýyla çenli uzaldyldy.
Adamyň öz erkine bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli daşary ýurtda galan ýagdaýy bu düzgünden aýrylýar. Bularyň arasynda koronawirus bilen baglanyşykly karantin çäreleri sebäpli daşary ýurtdan çykyp bilmezlik hem bar.
“Türkmenhowaýollaryna” ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde ýokanç keselleriň öňüni almak we adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetiň saglygyny goramak boýunça milli awiasiýa meýilnamalaryny işläp düzmek we tassyklamak tabşyryldy.

düýn 17:40
5.3k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

02.06.2026 20:28
7.1k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.1k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

01.06.2026 20:14
7.3k+

Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna......