Türkmenistanyň ykdysadyýeti pandemiýa döwründe ösmegini dowam etdirdi

  • 05.09.2020 08:47
  • 14k+

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistan üstünlikli ösmegini dowam edýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi.

Häzirki döwürde depginli durmuşa geçirilýän makroykdysady syýasat ýurdumyzy uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategik maksatnamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna jemi içerki önümiň 5,7 göterim ösüşini gazanmagy üpjün etdi.
2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,4 göterim artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4 göterim artdy.
Nebiti we gazy çykarmak, uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüşi 121,8 göterime deň boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-awgust aýlarynda senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 110,8 göterime, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi bolsa 127,7 göterime barabar boldy.
Şu ýylyň sekiz aýynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ösüş 156,7 göterime barabar boldy.

düýn 22:54
1.3k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
3.5k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.7k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......