Ministrler Kabinetinde sebitleri we oba hojalygyny ösdürmek boýunça maslahat geçirildi

  • 29.08.2020 16:37
  • 5.3k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetinde iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sebitlerine, obasenagat, maliýe-ykdysady, nebitgaz, ulag, söwda we dokma toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerler hem-de welaýatlaryň häkimleri, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda sebitlerde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi hem-de döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 27-nji awgustda geçirilen mejlisinde obasenagat toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli möwsümleýin işlere — güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk görmek hem-de olary guramaçylykly geçirmek meselelerine garaldy.

şu gün 13:16
3.2k+

Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen Pakistana çagyrdy

2026-njy ýylyň 21-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär...

şu gün 12:20
1.7k+

Counter-Strike 1.6-ny indi brauzeriň üsti bilen oýnap bolýar

DosZone Team topary Counter-Strike 1.6 oýnunyň brauzer wersiýasyny çykardy. Bu taslamany taýýarlamak üçin takmynan alty aý sarp edildi we oýunçylaryň gatnaşmagynda iki hepdelik synagdan geçdi. Oýun toparyň goşmaça kämilleşdirmeleri bilen "Xash3D" hereketlendirijisinde işleýär hem-de mugt, mahabatsyz we hiç hili tölegsiz elýeterlidir...

şu gün 12:19
3.4k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...

düýn 16:48
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow: Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar

Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke interwýu wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpini nähili lider hökmünde görýändigi barada sowal berdi...