Türkmenistan kiberhowpsuzlygy üpjün etmek işlerini döwrebaplaşdyrýar

  • 28.08.2020 18:03
  • 16k+

«Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň merkezi edarasynda kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikasiýalaşdyryş bölümini açmak meýilleşdirilýär. Bu barada 27-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.

Bu bölümde ýurdumyzyň çäginde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän programma üpjünçilikleriniň hem-de tehniki serişdeleriň sertifikasiýalaşdyrylmagyny talabalaýyk ýola goýmak maksat edinilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyna» laýyklykda, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugyna kiberhowpsuzlygyň önümçiliginde ulanyljak tehniki serişdeleri hem-de programma üpjünçiliklerini barlamak hem-de sertifikasiýalaşdyrmak işlerini ýola goýmak wezipesi tabşyryldy.
Maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary işläp taýýarlamak, şol sanda halkara standartlar we tehniki kadalar bilen sazlaşdyrmak Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......