«Daýhanbank» DTB sowadyjy ammarlary gurmak üçin maliýe serişdelerini berer

  • 23.08.2020 10:26
  • 14k+

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine käbir degişli sowadyjy ammarlary gurmak we durkuny täzelemek boýunça işleri maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini berer.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Bellenilişi ýaly, resminama ýurdumyzda ýeralma, gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talabalaýyk saklamak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy elýeter bahalardan üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.
Belläp geçsek, ýylyň ähli döwründe ilaty gök önümler, ýeralma bilen üpjün etmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda 2 müň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 2 müň tonna önüm saklar ýaly täze sowadyjy ammarlary gurmak hem-de häzir hereket edýän 4450 tonna önüm saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

şu gün 01:35
134

Ministrler Kabinetinde «Türkmenistan – BMG» geňeşiniň bäşinji mejlisiniň gün tertibi mälim edildi

«Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisine taýýarlyk görülýär. Çäre 31-nji marta meýilleşdirildi diýip, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow sanly ulgam arkaly......

şu gün 01:27
142

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady. Bu barada 27-nji martda «Watan» habarlar......

şu gün 01:21
195

Türkmenistanda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady. Bu barada 27-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet......

şu gün 01:16
127

«Hyzmatdaşlyk we ösüş» sergisine gatnaşmaga 80-den gowrak kompaniýa isleg bildirdi

«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergisine gatnaşmaga eýýäm 80-den gowrak daşary ýurt we türkmen kompaniýalary isleg bildirdi, hasaba alyş işleri bolsa dowam edýär. Bu barada wise-premýer......