Ýaponiýanyň jemi içerki önümi rekord derejede pese gaçdy

  • 18.08.2020 08:28
  • 8.8k+

2020-nji ýylyň ikinji çärýeginde Ýaponiýanyň ykdysadyýeti geçen üç aýda 7,8% pese gaçdy, muny deslapky resmi maglumatlar delillendirýär.
Jemi içerki önümiň pese gaçyşy üç çärýek yzygider bellige alyndy we rekord derejeli boldy, bu COVID-19 koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň ýaramaz täsiri bilen şertlendirilýär. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Ýanwar-mart aýlarynda Ýaponiýanyň JIÖ-i 0,6% pese gaçdy. Analitikler JIÖ geçen ikinji çärýekde ortaça 7,6% pese gaçar diýip çaklapdylar, bu barada Trading Economist habar berýär.
Ýyllyk ölçeginde ýapon ykdysadyýeti 27,2% pese gaçar diýlip çaklanandygyna garamazdan, aprel-iýunda 27,8% pese gaçdy. Birinji çärýekde JIÖ 2,2 göterim pese düşdi.
Alyjylar çykdajysy aprel-iýunda birinji çärýekdäki 0,8% pese gaçyş bilen deňeşdirilende, çärýek aňlatmasynda 8,2% pese gaçdy. Döwlet çykdajylary 0,3% kemeldi (öň – üýtgemedi).
Eksport 18,5% pese gaçdy – bu 2009-njy ýylyň birinji çärýeginden bäri iň ýokary pese gaçyş boldy. Import 0,5% peseldi, bu ýagdaý hem üçünji çärýek yzygider bellige alyndy.

düýn 22:54
662

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......