Gresiýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin açyk

  • 17.08.2020 00:01
  • 16k+

Gresiýanyň infrastruktura gurluşygy, energetika we mineral ýaglary gaýtadan işlemek pudagynda düýpli nou-haulara eýe bolan kompaniýalary türkmen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin açyk diýip, Trend agentligine Gresiýanyň Daşary işler ministrliginde habar berdiler.

“Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, biz hakykatdan hem, ony berkitmegi göz öňünde tutýarys” – diýip, ministrlikde bellediler.

Ministrlik Gresiýanyň hatda geografik taýdan ondan alysdaky ýurtlar bilen hem ikitaraplaýyn gatnaşygyny we hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we berkitmäge çalyşýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Mundan başga-da, grek ministrligi Türkmenistan bilen 1992-nji ýyldan bäri dostlukly diplomatik gatnaşygy saklaýandyklaryny hem ýatlap geçdiler.

“Gresiýa durnuklylyk, howpsuzlyk hereketi we Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglylykda bitarap Türkmenistanyň syýasatyny goldaýar we oňa ýokary baha berýär” – diýip, ministrlikde belleýärler.

düýn 22:07
848

Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 28 million ABŞ dollaryna barabar geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 18 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 21:27
1.3k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

düýn 20:30
2.3k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

düýn 15:31
1.2k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......